turkmen_ilimm turkmen_ilimm

141 posts   3,655 followers   2,221 followings

Türkmen İlim  Salam mahribanlar Turkmen ilim sahypamyza hoş geldiniz! Sizden geljek gyzykly pursatlarynyza garaşyarys..

Gadamyňyz batly, Gallalarynyz bereketli bolsun eziz daýhanlar

Ene saňa ýeke gezek berilýär,
Söý enäni, söýmegiňi dowam et.
Enäniň gadyryn bilmeýän bolsaň,
Enesini ýitirenden sowal et.

Kerim Gurbannepesow
#Eneler#üçin#

Kerim Gurbannepesow "Gumly Gelin"

Gum iline düşdüm myhman,
Saçak açdy gumly gelin.
Bir gün duza müň gün salam
Kabul eýle gumly gelin.

Bakyşy maýa bakyşly,
Çöküşi iner çöküşli.
Maýalary goşörküçli,
Bugralary jaňly-gelin.
Gumly gelin, gumly gelin.

Dulda goşa gor küýzesi.
Derde derman her küýzesi.
Gelinleriň päkizesi,
Çep ýaňagy meňli gelin.
Gumly gelin, gumly gelin.

Ýaýlasynda täze baglyk,
Çanagynda bekre balyk.
Kellesinde elwan ýaglyk,
Keşdelenen ýeňli gelin.
Gumly gelin, gumly gelin.

Otuz ýyldyr düýe çopan.
Çopanlykdan döwlet tapan.
Bir seretseň, gülüp bakan,
Bir seretseň, gamly gelin.
Gumly gelin, gumly gelin.

Niredekä howandary,
Göwün beren çopan ýary?
Şol çopanyň intizary
Gara gözi nemli gelin,
Gumly gelin, gumly gelin.

Toýuň gatlaklysy❤️❤️🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲

Ozzy eje 😂täze ýyldan öň öylenmeli oglanlaryň biri @ikram_1495 😂😂😂😂😂

Jally, Şammy şum, Galkan kaka, Garagijen
😂😀😀😀

Datly tagam#somsa#talyp#

Nowruz geldi ülkäme.

Nowruz baýramy gadymdan gelýän baýramy.

Ony şahyrlarymyz uly hyjuw bilen wasp edipdirler. Omar Haýýam „Nowruznama“ eserinde, „Şeýdip dünýäniň taryhy başlandy“ diýip ýazsa, Magtymguly atamyz: Gökde ýyldyz hormaty,
Ýerde Nowruz hormaty, Gije- gündiz hormaty  Günähim güzeşt eýle!

diýip, milli baýrammyza uly hormat goýýar.

El hünäri - il gezer 🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲

Mähriban enelerimiz gelin gyzlarymyz halkara zenanlar gününiniz gutly bolsun güler yüzünüz solmasyn elmydam. Bosna-Hersegowaniyaly bir adamdan eşiden sözlerim şeýledi "erkegin güçü elindäki güçde däl, zenanynyň ýüregindäki güçdür" diýipdi. Hemişe ömrümüzün naýbaşy siz boluň mähribanlar!! Ýene bir ýola tüýs ýürekden siziň ähliňizi gutlaýaryn. @bayram.j

Çagalykda oýnan yzlarym galdy!

Most Popular Instagram Hashtags